Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Resmiler: Nepaldaky uçar heläkçiliginde azyndan 68 adam öldi


Nepaldaky uçar heläkçiligi
Nepaldaky uçar heläkçiligi

Uçar heläkçiliginde azyndan 68 adam öldi diýip, Nepalyň raýat awiasiýasynyň resmileri aýtdy. Sebitara ýolagçy uçary 15-nji ýanwarda, Pokhara kurort şäherçesinde täze açylan howa menziline gonmakçy bolan wagty, bortundaky 72 adam bilen heläkçilige uçrady.

Bu ýurtda soňky otuz ýylda bolan iň ganly uçar heläkçiligi boldy.

Onlarça halas ediji halas ediş işlerine girişdi, heläkçilik jülgesiniň golaýynda köp sanly halas ediş işgäri we görmäge gelen adam toplandy.

Uçar heläkçiligine nämäniň sebäp bolandygy entek belli däl.

Ýykylan uçardaky daşary ýurtly ýolagçylaryň arasynda dört russiýaly hem bar.

XS
SM
MD
LG