Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Boşadylan aktiwist tussaglara gözegçilik etmek üçin neşe ulanylýandygyny aýdýar


Leýla Hosseinzade
Leýla Hosseinzade

Geçen hepde türmeden boşadylan eýranly aktiwist Leýla Hosseinzade günortadaky Şiraz şäherinde ýerleşýän Adelabad türmesiniň ýolbaşçylaryny, tussaglara gözegçilik etmek maksady bilen, neşe serişdelerini bikanun ulanmakda aýyplady.

"Ýönekeý tussaglara garşy aýylganç jenaýat edilýär" diýip, Hosseinzade 15-nji ýanwarda twitterde paýlaşan ýazgysynda aýtdy.

Eýranly aktiwist bir gezek iki tussagyň arasynda bolan ýakalaşmadan soň, "olaryň biriniň agzyna bir tabletka gysdyrdylar, onsoň olar birnäçe günläp düzüw gepläp bilmediler" diýip ýazdy.

Şeýle-de Hosseinzade tussaglaryň ýuwunjak gyzgyn suwlaryndan hem mahrum edilýändigini, saçlaryny bejertmekleriniň gadagandygyny we hemişe Gurhan okamaga mejbur edilýändiklerini ýazdy.

Eýranyň türmelerinde tussaglara rehimsiz çemeleşmegiň uzak ýyllar bäri saklanyp galýan taryhy bar.

XS
SM
MD
LG