Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan saýlaw möwsümine başlady


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmenistan 16-njy ýanwarda saýlaw möwsümine başlady. 26-njy marta bellenen saýlawlaryň geçirilmegine 60 gün galanda dalaşgärleri teklip etmek işi başlanar.

Merkezi saýlaw toparynyň nobatdaky maslahaty Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek baradaky meselelere bagyşlandy diýip, döwlet eýeçiligindäki metbugat habar berdi.

Mejlise gatnaşyjylar saýlawlaryň aýdyňlygyny we giň bäsdeşligini üpjün etmek boýunça möhüm wezipeleri kesgitlediler diýip, habarada ses berişlige halkara bilermenleriniň we synçylarynyň hem gözegçilik etjekdigi nygtalýar.

Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 125-si döredildi diýip habarda bellenýär.

Türkmenistanda şu wagta çenli abraýly halkara guramalary tarapyndan azat we adalatly geçirilendigi ykrar edilen saýlaw bolmady.

XS
SM
MD
LG