2021-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijelerine görä, Russiýada (milletini görkezen) 41,338 türkmen ýaşaýar diýip, "Meteožurnal” Rosstatyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.
Sorag anketalarynda olar özlerini “türkmen” diýip atlandyrmakdan başga "aşgabatly”, “teke”, “truhmen” (rus imperiýasy döwründe türkmenler köplenç şeýle atlandyrylypdyr), şeýle-de “türkmen dilli türk” diýip atlandyrypdyrlar.
2010-njy ýylyň ilat ýazuwynyň netijeleri Russiýada 36,885 türkmeniň ýaşaýandygyny görkezipdi. Şeýlelikde, soňky 11 ýylyň dowamynda Russiýada ýaşaýan türkmenleriň sany 4 453 adama çenli ýa-da 12,1% köpeldi.
Şol bir wagtda, 2021-nji ýyldaky netijeler Russiýada ýaşaýan türkmen erkekleriniň sanynyň 22,795, türkmen aýallarynyň sanynyň 18,543 bolandygyny görkezdi.
Bu ýurtda ýaşaýan türkmenleriň 32% -e golaýy (13142 adam) 20-29 ýaş aralygyndaky raýatlar, bu Russiýadaky türkmenleriň saldamly böleginiň bu ýere gelen we ýaşamaga galan ýaş adamlardygyny aňladyp biler diýip, habarda bellenýär.
23,638 türkmen (57,2%) şäher ilatyna, 17,700 türkmen (42,8%) oba ilatyna degişli. Oba ýerlerinde ýaşaýan türkmenleriň aglaba köplügini 300 ýyldan gowrak wagt bäri Russiýada ýaşaýan Stawropol we Astrahan türkmenleri düzýär.
2021-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwyna görä, Russiýada 147,182,123 adam ýaşaýar. Olaryň arasynda 130,587,364 adam ýazuw geçirilen wagty öz milletini görkezdi.