Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meredow arhiýepiskop Feofilakt bilen duşuşdy


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky Patriarhal dekanlarynyň ybadathanalarynyň dolandyryjysy arhiýepiskop Feofilakt bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky Patriarhal dekanlarynyň ybadathanalarynyň dolandyryjysy arhiýepiskop Feofilakt bilen duşuşdy.

Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky Patriarhal dekanlarynyň ybadathanalarynyň dolandyryjysy arhiýepiskop Feofilakt bilen duşuşdy diýip, DIM-niň resmi saýty habar berýär.

17-nji ýanwarda bolan duşuşykda ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi barada pikir alşyldy, arhiýepiskop Feofilakt ýurtdaky rus prawoslaw ybadathanalaryna döredilen amatly şertler üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi diýip, habarda bellenýär.

Bu duşuşyk Russiýanyň premýer-ministriniň ýolbaşlygyndaky wekiliýetiň Aşgabada sapara gelmeginiň öňüsyrasynda boldy. Şeýle-de, Russiýanyň döwlet dumasynyň wekilleriniň şu aýda Türkmenistana sapara gelmegine garaşylýar.

Türkmenistan ýurtda din azatlygyny çäklendirmekde, öz ynanjyna erkin uýmaga çalyşýan adamlary, dini azklyklaryň wekillerini yzarlamakda, onlarça dindary gümürtik aýyplamalar esasynda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm etmekde tankytlanýar.

XS
SM
MD
LG