Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski Dawosda: "Russiýa terrorçylaryň arasynda orun aldy"

18-nji ýanwar, 2023. Wideo arkaly edilen çykyş.
18-nji ýanwar, 2023. Wideo arkaly edilen çykyş.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Dawosdaky ykdysady foruma ýüzlenip eden çykyşynda "Russiýa terrorçylaryň arasyndan orun aldy" diýdi.

Zelenski çykyşyndan öň Ukrainadaky uruş wagtynda wepat bolanlaryň hatyrasyna hormat goýulmagyny teklip etdi.

"Ukraina bu hili minutlaryň müňlerçesini, şol sanda 14-nji ýanwardaky üç minudy başdan geçirýär. Ýaşaýyş jaýyna gelip giren we azyndan 45 adamyň ölümine sebäp bolan raketa hem edil şonuň ýaly wagt gerek boldy” diýip, ol aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu urşy başlamak üçin Russiýa bir sekunt gerek boldy we dünýäniň oňa garşy reaksiýa bildirmegi birnäçe gün aldy.

"Terrorçylyk döwleti adamlary öldürýär, Ukraina we onuň ýaranlary bolsa muňa garşy bir ýyl töweregi wagt bäri göreşýär. Biziň oňyn netijelerimiz bar: ukrainalylar üçin serhetleriň açylmagy, ýaşyl syýasat, energiýa çözgütleri. Bularyň ählisi diňe bir Ukrainadaky däl, beýleki ýerlerdäki adamlary hem halas etmäge mümkinçilik berýär. Diňe bir Ukraina dä, bütin dünýä gyssagly karar kabul edilmegine mätäç" diýip, Zelenski aýtdy.

XS
SM
MD
LG