Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Ukraina beriljek 2,5 mlrd dollarlyk kömegi yglan etdi, ýöne bukjada tank ýok


"Abrams" tanky
"Abrams" tanky

ABŞ Ukraina ýüzlerçe müň ok-däri, 90 sany “Stryker” söweş ulagyny we goşmaça 59 sany “Bredli” söweş ulagyny iberer diýip, Pentagon 19-njy ýanwarda aýtdy.

Umumy bahasy 2,5 milliard dollar bolan bukjada ABŞ-nyň “Abrams” tanklary ýok. Germaniýa, eger-de ABŞ öz “Abrams” tanklaryny ibermese, Berliniň hem öz “Leopard” tanklaryny Ukraina ibermejekdigini aýdýar.

Bukja girýän ok-däri ABŞ-nyň iberen HIMARS artilleriýa ulgamlaryny, NASAMS howa goragy ulgamlaryny, Bredliniň 25 millimetrlik topuny we Bradliniň tanka garşy ýaraglary üçin ýüzlerçe raketany öz içine alýar.

Şu aralykda, ukrain liderleriniň Russiýanyň gündogardaky hüjümleriniň öňüni almak üçin zerur bolan german tanklary bilen üpjün edilmegi barada edýän haýyşy sebäpli, Ukrainanyň günbatar ýaranlarynyň goranmak ministrleriniň 20-nji ýanwarda Germaniýada duşuşyp, Kiýewe has köp harby kömek bermek barada maslahat etjekdigi habar berildi.

XS
SM
MD
LG