Arkadag şäherinde guruljak metjidiniň düýbüni tutmaga bagyşlanan çärä din wekilleri, sylagly ýaşulular we Türkmenistana iş saparyna gelen tatar prezidenti Rustam Minnihanow, musulman döwletleriniň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy diýip, hökümetçi neşir resmi habara salgylanyphabar berýär.
Habarda bu metjidi gurmak boýunça yglan edilen bäsleşikde «Altyn» hojalyk jemgyýeti ýeňiji bolandygy onuň umumy meýdanynyň 34,5 gektara deň bolup, birbada 15 müň adama namaza durmaga mümkinçilik berjekdigi aýdylýar.
Şeýle-de, bu ýerde guruljak sadaka jaýynyň 1 müň 500 adama niýetlenjekdigi aýdylýar.
4 minaraly, üç gatly binasy bolan metjidiň okuw medresesi, muzeýi, kitaphanasy, namaz zallary, dolandyryş we hojalyk otaglary, awtoulag duralgasy, dürli maksatly beýleki tehniki desgalary bolar.
Emma metjidiň taslamasynyň umumy bahasy hakynda hiç zat aýdylmaýar.