Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Şwesiýanyň goranmak ministriniň  Ankara etjek saparyny ýatyrdy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Şwesiýada demonstrantlaryň musulmanlaryň mukaddes kitaby bolan Gurhanyň bir nusgasyny otlan mitinglerini berk ýazgardy.

Daniýanyň sagçy “Hard Line” partiýasynyň wekili, şwed raýatlygy hem bolan Rasmus Paludan Türkiýäniň ilçihanasynyň öňünde Gurhanyň bir nusgasyna ot berdi.

Ol mundan öňki demonstrasiýalarda hem Gurhany birnäçe gezek otlapdy.

Bu wakadan soň Şwesiýanyň goranmak ministriniň Ankara etmeli sapary ýatyryldy we türk häkimiýetleri Stokgolmy ylalaşyklary bozmakda aýyplady.

Altynjy gün Stokgolmda Ankaranyň syýasatlaryna garşy ýene bir demonstrasiýa geçirildi. Oňa gatnaşanlar Şwesiýanyň NATO girmegine garşy çykyş etdiler we kürt syýasy bosgunlaryna goldaw bildirdiler. Protestiň maksady Türkiýede yzarlanýan kürt azlyklarynyň hukuklaryny goramakdan ybarat boldy.

Stokgolmda Gurhana ot berilmegini musulman ýurlarynyň köpüsi, şol sanda Saud Arabystany, Iordaniýa we Kuweýt hem ýazgaryp çykyş etdi.

Türkiýede geçirilen protestlerde Şwesiýanyň baýdagy otlandy.

XS
SM
MD
LG