Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz ministrligi Azattyk radiosynyň işini togtatmak isleýär


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Gyrgyzystanyň Medeniýet, maglumat we ýaşlar syýasatlary ministrligi Bişkegiň Lenin etrap kazyýetinden AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugynyň, “Azattyk Media” hökmünde resmi taýdan hasaba alnan neşiriň metbugat işini togtatmagyny sorady.

Ministrlik özüniň bu göçümini 23-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna habar berdi. Ýöne bu haýyşyň anyk haçan edilendigi entek belli däl.

Ministrligiň aýtmagyna görä, bu haýyş Azattyk radiosynyň geçen ýyl Gyrgyzystan-Täjigistan serhediniň dawaly böleginde bolan çaknyşyklar barada çap eden wideosyny internetden aýyrmakdan ýüz öwürmegi sebäpli edildi.

Gyrgyzystanyň häkimiýetleri oktýabr aýynyň ahyrynda Azattyk radiosynyň gyrgyz we rus dillerindäki web sahypalaryny petiklediler.

Metbugat guramasy “Amerikanyň Sesi” bilen hyzmatdaşlykda, AÝ/AR-nyň rus dilindäki "Häzirki zaman" neşiri tarapyndan döredilen wideony sahypasyndan aýyrmakdan ýüz öwürdi. Merkezi Aziýa döwletiniň resmileri bu wideonyň awtorlarynyň Täjigistanyň tarapyny tutandygyny öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG