Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-özbek söwda dolanyşygynyň geçen ýyl $926,3 milliona ýetendigi aýdylýar


Türkmen-özbek araçägindäki demirýol stansiýasy
Türkmen-özbek araçägindäki demirýol stansiýasy

Özbegistanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy 2022-nji ýylda 926,3 million ABŞ dollaryna deň bolup, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2,7 göterim ýokarlandy diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri goňşy ýurduň Statistika baradaky döwlet komitetiniň çap eden hasabatyna salgylanyp habar berýär.

Geçen ýylyň on iki aýynda Özbegistanyň Türkmenistandan importy 731,5 million ABŞ dollaryna barabar bolup, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 3 göterim artan bolsa, bu döwürde Türkmenistana edilen eksport 1,5 göterim ýokarlanyp, 194,8 million ABŞ dollaryna deň boldy diýip, habarda aýdylýar.

Aýdylmagyna görä, Türkmenistan bilen Özbegistanyň 2021-nji ýyldaky söwda dolanyşygy 902 million ABŞ dollaryna deň bolupdyr.

Türkmenistanyň daşary ýurtlara eksportynyň esasy bölegini ýangyç, hususan-da geçiriji arkaly iberilýän tebigy gaz tutýar. Aşgabat öz satýan gazynyň bahasyny köplenç halkdan gizlin saklaýar.

XS
SM
MD
LG