Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"FlyDubai" Dubaýdan Aşgabada yzygiderli uçar gatnawlaryny dikeldýär


Bezeg suraty
Bezeg suraty

“FlyDubai” Dubaýdan Aşgabat şäherine yzygiderli uçar gatnawlaryny gaýtadan dikeltdi diýip, “Türkmenportal” neşiri 24-nji ýanwarda habar berdi. Bu iki şäheriň arasyndaky uçuşlar 2020-nji ýylyň ýazynda togtadylypdy.

Habarda aýdylmagyna görä, uçar gatnawlary duşenbe we penşenbe günleri Dubaýdan (DXB) Aşgabada (ASB) we sişenbe we anna günleri Aşgabatdan Dubaýa amala aşyrylar.

Uçar Dubaýdan (DXB) ýerli wagt bilen 23:55-de uçup, ertesi gün 03:25-de Aşgabat howa menziline (ASB) gonar.

Uçuşlar “Boeing 737 MAX” uçarynda amala aşyrylýar.

Uçarbiletleri «flydubai.com» web sahypasyndan we resmi ykjam programmasyndan bron edilip biler diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG