Birnäçe çeşmäniň beren maglumatyna görä, ABŞ-nyň we Germaniýanyň 25-nji ýanwarda Ukraina döwrebap tanklaryň iberilmegine rugsat bermegine garaşylýar, Kiýew munuň möhüm öwrülişik pursady bolmagyna we Russiýanyň Donbasdaky ukrain goragçylaryna barha kä basyş görkezýän wagtynda söweş meýdanyndaky deňagramlylygy üýtgetmegine umyt edýär.
Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz 25-nji ýanwarda, Praga wagty 1300-de parlamente etjek ýüzlenmesinde “Leopard 2” tankynyň Ukraina iberiljekdigini yglan eder.
Şeýle-de, Şolz Germaniýanyň Polşa ýaly beýleki ýaranlaryna hem, özlerinde bar bolan “Leopard” tanklaryny Ukraina iberip biljekdiklerini aýtmagyna garaşylýar.
Germaniýanyň “Der Spiegel” žurnaly hem 24-nji ýanwarda Şolzyň Ukraina Leopard tanklaryny bermek kararyna gelendigini habar berdi.
“Der Spiegel” Germaniýanyň “Leopard 2A6s” tanklarynyň bolmanda bir kompaniýasyny Ukraina iberjekdigini aýtdy.
Bir kompaniýa adatça 14 tankdan ybarat bolýar diýip, habarda bellenýär.
Waşingtonda, prezident Jo Baýdeniň administrasiýasy hem ABŞ-da öndürilen “Abrams” tanklarynyň Ukraina iberiljekdigi barada 25-nji ýanwarda habar berjege meňzeýär diýip, habar serişdeleri ady aýdylmaýan çeşmelere salgylanyp habar berdiler.
ABŞ-nyň bu meseleden habarly resmileriniň ikisi CNN telekanalyna administrasiýanyň Ukraina takmynan 30 sany “Abrams” tankyny ibermek planyna seredýändigini aýtdy.