Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýazly howanyň netijeleri: Maldarlar we daýhanlar uly ýitgi çekendiklerini aýdýarlar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda soňky günlerde howanyň temperaturasynyň sähel maýlap başlamagy bilen, mundan tas üç hepde ozal ýurda aralaşan aýazly howanyň ýol açan netijeleri günsaýyn has köp göze ilýär. Mary welaýatynda ýüzlerçe ownuk we iri şahly malyň öýkeni sowuklady, ekin meýdanlaryny sowuk urdy we müňlerçe kilogram gök-bakja önümi doňup, zaýa boldy. Maldarlar, ekerançylar we telekeçiler öňümizdäki aýlaryň hem özleri, hem-de ilat üçin ýeňil bolmajakdygyny duýdurýarlar.

"Müňlerçe manat möçberinde maddy zyýan çekendigini aýdýan maldarlaryň, ekerançylaryň we telekeçileriň sany gün-günden artýar. Olar aýazly howada sowuk uran mallaryny we azyk önümlerini deger-degmez bahadan satmaga mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar. Sowuk howanyň getiren netijelerini günsaýyn has köp görse bolýar" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 25-nji ýanwarda aýtdy.

Şu aýyň birinji hepdesiniň ahyrynda Türkmenistanyň çägine adaty klimat kadalaryndan aşa sowuk howa aralaşdy. Şonda Merkezi Aziýa sebitinde, şol sanda Türkmenistanda howanyň temperaturasy rekord derejelerde pese gaçdy. Bu müňlerçe mal-garanyň haram ölmegine, gök-bakja önümleriniň doňmagyna getirdi.

Maldarlar

Soňky günlerde maryly maldarlar ownuk we iri şahly mallaryň sowukda öýkenini sowukladyp, yzygiderli üsgürýändigini aýdýarlar. Öýkenini sowukladan mallaryň köpüsi ot iýmegini bes edýär we ölmek bilen bolýar.

"Şol sebäpden çala üsgürip başlan mallary, bejergi bermezden, derrew soýýarys. Sebäbi bu olaryň gyrlyp başlandygyny aňladýar. Şeýdip olaryň haram ölmeginiň öňüni almaga çalyşýarys. Olaryň gap-gara bolup duran öýkenlerini alyp zyňýarys. Olaryň etlerini bolsa, gassapçylara birnäçe aýyň dowamynda üzmek şerti bilen berýäris. Olar bu etleri has arzan bahadan satyn alýarlar. Şöhlat önümlerini taýýarlaýan sehler hem bu etleri arzan bahadan alýarlar. Maldarlar gaty uly maddy zyýan çekýärler" diýip, maryly maldar anonimlik şertinde aýtdy.

Sebitde köp ownuk we iri şahly mallaryň soýlup, olaryň etleriniň gassaplara tabşyrylmagy, bazarlarda etiň bahasynyň belli bir derejede arzanlamagyna getirdi.

"Häzir bazarlarda bir kilogram goýun eti 37 manat, göle eti 40 manat bahalanýar. Mundan ozal göle eti 60 manatdan satylýardy" diýip, habarçy aýtdy.

Ekerançylyk

Sebitde gök-bakja önümleri ösdürip ýetişdirilýän ýyladyşhanalarda hem ekinleriň aglabasyny sowuk urdy. Sowugyň ýiti täsiri zerarly ekinler ösmegini bes edip, gurap galdy.

"Ýyladyşhana eýeleri bar bolan pomidor, hyýar we beýleki gök-bakja önümlerini deger-degmeze satyp, birneme bolsa-da çykdajylaryny ýapmaga çalyşýarlar" diýip, maryly daýhan anonimlik şertinde aýtdy.

Habarçy sebitiň bazarlarynda satylýan gök-bakja önümleriniň käbiriniň bahalary barada hem maglumat berdi. Häzirki wagtda bir kilogram pomidor 10 manat, hyýar 15 manat, sogan 15 manat, käşir 2 manat we alma 10 manat bahalanýar.

Gök-bakja önümleriniň söwdasyny edýän telekeçiler

Aýazly howa gök-bakja önümleriniň söwdasyny edýän telekeçilere hem ýaramaz täsir ýetirdi. Maryly telekeçiler doňan önümlerini mallara iým hökmünde tas mugt diýen ýaly satýarlar.

"Bir konteýner gök-bakja önüminiň asyl bahasy azyndan 20 müň manada barabar. Ýöne telekeçiler sowuk uran önümlerini 1 müň manada satýarlar. Olar deger-degmeze satsagam, bizi boş goýmasa bolýar diýýärler" diýip, ýerli bir telekeçi anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Ilata gelejekde ýetirjek täsirleri

Maldarlaryň, daýhanlaryň we telekeçileriň aýtmagyna görä, mallaryň köpçülikleýin gyrylmagy, ekinleriň sowuk urmagy, gök-bakja önümleriniň doňmagy adamlaryň hal-ýagdaýyny has-da kynlaşdyrar.

"Öňümizdäki aýlar ýeňil bolmaz. Sebäbi mallaryň gyrylmagy, ekerançylygyň pes bolmagy etiň we gök-bakja önümleriniň bahasynyň has-da ýokarlanmagyna getirer. Ykdysady kynçylyklar, işsizlik we durmuşyň gymmatlygy sebäpli gurpdan düşen köp hojalyk has-da kösener" diýip, telekeçi belledi.

Ýurt häkimiýetleri we döwlet metbugaty aýazly howanyň ýol açan netijeleriniň ilata, maldarlara, daýhanlara we telekeçilere ýetirýän oňaýsyz täsirleri barada dymyşlygyny saklaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG