Tutuş ýurt boýunça birnäçe ýokary derejeli resminiň işden çekilmegine we wezipesinden boşadylmagyna alyp gelen korrupsiýa galmagalynyň arasynda, Ukrainanyň bäş sebitiniň prokurorlary wezipelerinden gyrakladyldy.
Baş prokuratura 25-nji ýanwarda Zaporižýa, Kirowohrad, Poltawa, Sumy we Çernihow sebitleriniň prokurorlarynyň wezipelerinden boşadylandygyny aýtdy.
Bu galmagal 22-nji ýanwarda, ýerli metbugatda Goranmak ministrliginiň goşuny azyk bilen üpjün edýänlere aşa köp pul töleýändigi baradaky aýyplamalar peýda bolanyndan soň turdy.