Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan Türkmenistandan nebit satyn almakçy bolýar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Özbegistan Türkmenistandan nebit satyn almagy planlaşdyrýar diýip, "Türkmenportal” “Uzbekneftgaz” kompaniýasynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Habarda aýdylmagyna görä, “Uzbekneftgaz” kompaniýasy şu ýyl, Buharadaky nebiti gaýtadan işleýän zawodyny çig mal bilen üpjün etmek maksady bilen, Hazaryň türkmen kenarynda işleýän “PETRONAS Çarigali” kompaniýasyndan nebit satyn almagy planlaşdyrýar.

“PETRONAS Çarigali” kompaniýasynyň wekilleri Daşkent şäherine sapar edip, “Uzbekneftgaz” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen türkmen nebitini Özbegistana ibermegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy diýip, habarda anyklaşdyrylmazdan aýdylýar.

XS
SM
MD
LG