Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Gyrgyzystan bilen söwdasy ýokarlanýar


Türkmenistanyň Nebit-gaz ministrliginiň binasy
Türkmenistanyň Nebit-gaz ministrliginiň binasy

Gyrgyzystanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda 79,6 million ABŞ dollaryndan gowrak bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 160,2% ýokarlandy diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri Gyrgyzystanyň Milli statistika komitetine salgylanyp ýazýar.

Türkmenistan adatça ýurduň eksport, import maglumatlaryny açmaýar.

2021-nji ýylyň birinji on bir aýynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 30,59 million ABŞ dollaryndan gowrak bolupdyr.

Geçen ýylyň on bir aýynda Gyrgyzystan Türkmenistandan bahasy 75 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan önümleri import edipdir. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu Türkmenistandan import edilen önümleriň möçberiniň 182,1% ýokarlanandygyny görkezýär.

Bu döwürde Türkmenistan Gyrgyzystandan bahasy 4,5 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan önümleri import edip, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, gyrgyz importyny 14,4% artdyrypdyr.

XS
SM
MD
LG