Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

DIM: Azerbaýjanyň Eýrandaky ilçihanasynda bir adam atylyp öldürildi


Kalaşnikow awtomaty
Kalaşnikow awtomaty

Hüjümçi Azerbaýjanyň Tährandaky ilçihanasynyň daşynda garawul postuna ot açanda bir adam ölüp, iki adam ýaralandy diýip, Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň 27-nji ýanwarda beren habarynda aýdylýar.

"Hüjümçi howpsuzlyk ýolbaşçysyny Kalaşnikow awtomaty bilen öldürip, garawul postundan geçdi" diýip, ministrlik aýtdy.

Polisiýa güman edilýän bir adamy tussag etdi.

Eýranyň “Tasnim” habar gullugy Tähranyň polisiýa ýolbaşçysyna salgylanyp, güman edilýän adamyň bu bina iki sany ýaş çaga bilen girendigini we onuň bu hereketine "şahsy meseleleriň" sebäp bolan bolmagynyň mümkindigini aýtdy

XS
SM
MD
LG