Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çehiýanyň prezident saýlawynda dynç alyşdaky general Petr Pawel ýeňiş gazandy


Çehiýanyň saýlanan prezidenti Petr Pawel we onuň aýaly Ewa  Pawlowa
Çehiýanyň saýlanan prezidenti Petr Pawel we onuň aýaly Ewa  Pawlowa

Çehiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ses berişlik tamamlandy. Saýlaw netijeleri dynç alşa çykan general Petr Paweliň ýeňiş gazanandygyny görkezdi.

Saýlawlaryň ikinji tapgyrynda ol Çehiýanyň öňki premýer-ministri Andrej Babiş bilen bäsleşdi. Pawel 58% -den gowrak ses aldy, Babiş - 42% çemesi ses aldy.

Premýer-ministr Petr Fiala Petr Paweli eýýäm ýeňiş bilen gutlady. Şeýle ony Çehiýa bilen goňşy döwletleriň, hususan-da Slowakiýa bilen Awstriýanyň baştutanlary ýeňiş bilen gutlady.

Täze prezidentiň kasam kabul ediş dabarasy mart aýynyň başynda bolar.

Ýeňiji Praga galasynda Miloş Zemanyň ornuna geçer.

Zeman ÝB ýurtlarynyň baştutanlarynyň arasynda uzak wagtlap iň bir Orsýete tarapdar syýasatçylaryň biri hasaplandy, emma ol 24-nji fewraldan soň Moskwa garşy pozisiýasyny kesgin berkitdi.

Petr Pawel hünäri boýunça harby adam bolup, Çehiýanyň we öňki Sowet blogunyň ýurtlarynyň taryhynda (2015-2018-nji ýyllarda) NATO-nyň Harby komitetiniň ilkinji başlygy boldy. Şoňa çenli ol bäş ýyllap Çeh goşunynyň baş ştabyna ýolbaşçylyk etdi.

XS
SM
MD
LG