Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nýu-Ýorkda syýasy tussaglaryň azatlygy üçin ýygnanyşyk geçirildi


Syýasy tussag Mansur Mingelowyň daýzasy Nurjan Suzer öz ýegeniniň portreti bilen Nýu-Ýorkda protest bildirýär.
Syýasy tussag Mansur Mingelowyň daýzasy Nurjan Suzer öz ýegeniniň portreti bilen Nýu-Ýorkda protest bildirýär.

29-njy ýanwarda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynyň alkymynda "Urşa garşy bilelikde" şygary astynda postsowet ýurtlarynyň raýatlarynyň protest ýygnanyşygy boldy diýip, “Turkmen.news” habar berýär.

Garaşsyz neşiriň maglumatyna görä, bu çäre türkmenistanly syýasy tussag Mansur Mingelowyň daýzasy Nurjan Suzeriň guramaçylygynda geçirildi.

Protest ýygnanyşygyna Türkmenistanyň, Ukrainanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Russiýanyň raýatlary, şol sanda azlykdaky halklaryň: burýatlaryň, galmyklaryň, tatarlaryň wekilleri gatnaşdy.

Protest çäresine gatnaşanlar diňe bir Ukrainadaky urşa garşy çykyş etmän, şol bir wagtda öňki sowet ýurtlaryndaky syýasy tussaglaryň azatlyga goýberilmegini hem talap etdiler.

Türkmen aktiwistleri Mansur Mingelowyň, Myrat Duşemowyň we Pygambergeldi Allaberdiýewiň portretlerini görkezdiler. Allaberdiýew golaýda yglan edilen günä geçişiň çäginde türmeden boşadyldy. Ýöne onuň we gökdepeli lukman Hursanaý Ismatullaýewanyň nähili şertlerde boşadylandygy belli bolmady.

Şeýle-de, Azatlygyň ýerli habarçylarynyň maglumatyna görä, gülençilikde aýyplanan tussaglaryň birnäçesiniň şertli ýagdaýda türmeden boşadylandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG