Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan we Britaniýa gyrgyz raýatlaryny işe almak ylalaşygyna geldi


2023-nji ýylda Gyrgyzystanyň iki müň raýaty Angliýanyň oba hojalygynda işlemäge gider
2023-nji ýylda Gyrgyzystanyň iki müň raýaty Angliýanyň oba hojalygynda işlemäge gider

2023-nji ýylda Gyrgyzystanyň iki müň raýaty Angliýa işlemäge gider diýip, Zähmet, durmuş üpjünçiligi we migrasiýa ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Metbugat gullugynyň maglumatyna görä, 30-njy ýanwarda Zähmet ministrligi bilen Angliýanyň Bişkekdäki diplomatik missiýasy gyrgyz raýatlarynyň Angliýada işe alynmagy baradaky şertnama gol çekilmegine bagyşlanan dabara gurnady.

Aýdylmagyna görä, Bişkekde we Oşda eýýäm Angliýanyň oba hojalygynda işlemäge gitjek adamlar saýlanyp alynýar, olar 6 aýlyk şertnama baglaşarlar we her iş sagady üçin 10 funt sterling alarlar.

Zähmet ministrligi raýatlary daşary ýurtlarda iş bilen üpjün etmek merkeziniň gyrgyzystanlylaryň dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem işe alynmagynyň üstünde işleýändigini aýtdy.

Ministrligiň soňky maglumatlaryna görä, 1 million 200 müň gyrgyzstanly ýurt daşynda, zähmet migrasiýasynda galýar. Gyrgyzystanyň 1 million 63 müň raýaty Russiýada, 30 müň töweregi gyrgyzystanly Gazagystanda, 20 müň gyrgyzystanly bolsa Türkiýede işleýär.

Gyrgyz respublikasyndan takmynan 10 müň migrant ABŞ-da we Arap ýurtlarynda işleýär.

XS
SM
MD
LG