Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan metjidindäki partlamada ölenleriň sany 92-ä ýetdi


Metjitdäki partlama
Metjitdäki partlama

Pakistanyň Peşawar şäherindäki metjidiň içinde janyndan geçenleriň bomba partlatmasynda ölenleriň sany azyndan 92 adama ýetdi diýip, resmiler aýtdy.

Resmileriň AÝ/AR-nyň Maşaal radiosyna aýtmaklaryna görä, hüjümde ölenleriň we ýaraly bolan 16- çemesi adamyň köpüsi polisiýa ofiseri bolup durýar.

Ýaralananlaryň onlarçasy golaýdaky keselhanalara ýerleşdirildi diýip, polisiýa ofiseri aýtdy.

Şaýatlar Maşaal radiosyna ymamyň arkasynda, birinji hatarda namaza duran janyndan geçen bombaçylaryň 30-njy ýanwarda, polisiýa liniýasynyň metjidinde günortan namazyna ýygnanan adamlaryň arasynda partlaýjy keltekçelerini partladandygyny aýtdy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini "Tehrik-e Talyban Pakistan" (TTP) ady bilen tanalýan pakistan talybanlary öz üstüne aldy. Radikal topar soňky 15 ýylda Pakistanda pitneçilik urşuny alyp barýar.

XS
SM
MD
LG