Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Gündogardaky zarbalaryny dowam etdirýär, Wuhledar ugrundaky söweş gyzýar


Wuhledar, Donetsk sebiti, 26-njy vanwar, 2023
Wuhledar, Donetsk sebiti, 26-njy vanwar, 2023

Ukrainanyň gündogarynda agyr söweşler dowam edýär, rus goşunlary ukrain pozisiýalaryna we ilatly nokatlara zarba urdy diýip, Kiýewdäki harbylar 31-nji ýanwarda aýtdy, prezident Wolodymyr Zelenski ýagdaýyň "örän çatak" bolmagynda galýandygyny aýtdy.

Donetsk sebitindäki Wuhledar gündogar Ukrainany gözegçilik astyna almak ugrundaky söweşiň iň soňky nokadyna öwrüldi.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby Russiýanyň howadan üç zarba urandygyny, dört sany raketa atandygyny, şeýle-de, ýurduň ilatly nokatlaryny nyşana alyp, tapgyrlaýyn raketa ulgamlaryndan 60-dan gowrak ok atandygyny habar berdi.

"Duşman Liman we Bahmut ugurlaryndaky hüjümlerini dowam etdirýär, agyr ýitgi çekýär" diýip, baş ştabyň irden beren hasabatynda aýdylýar.

"[Duşman] Awdiýwka we Nowopawliýiwka ugurlaryndaky şowsuz hüjüm hereketlerini dowam etdirdi. Kupýansk we Zaporižýa ugurlarynda bolsa duşman öz pozisiýasyny gorajak bolup dyrjaşýar" diýip, hasabata bellendi.

Şeýle-de, ukrain goşuny Donetsk sebitiniň Russiýanyň gözegçiligindäki ýerleriniň dolandyryjysy Denis Puşiliniň ruslaryň Wuhledaryň golaýynda ilerländigi barada aýdan sözlerini ret etdi.

"Biz öz pozisiýalarymyzy ýitirmedik" diýip, Ukrainanyň bu sebite jogapkär harby metbugat wekili Ýewhen Ýerin aýtdy.

Ne rus tarapynyň, ne-de ukrain tarapynyň aýdanlaryny garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolýar.

Rus resmisi Moskwanyň, araçägi goramak we howpsuzlygy üpjün etmek üçin, Ukraina bilen serhetdäki Kursk sebitine goşmaça güýç we enjam iberendigini aýtdy.

Sebit häkimi Roman Starowit ýerli dolandyryşyň ýygnagynda Kurskda eýýäm ýaragly güýçleriň, serhetçileriň we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň toparlarynyň döredilendigini aýtdy.

Ýerli häkimiýetleriň tassyklamagyna görä, Russiýa bir ýyla golaý öň Ukraina goşun süreli bäri, bu sebit ukrain toplarynyň hüjümine sezewar boldy.

Ukraina, Russiýanyň barha kän güýç toplaýan ýerlerinde goraýan gündogar çäklerini saklamaga synanyşyp, günbatar ýaranlarynyň soňky hepdelerde wada beren agyr ýaraglarynyň tizden-tiz iberilmegini soraýar.

Prezident Wolodymyr Zelenski bu ýerdäki ýagdaýlary "örän çatak" diýip atlandyrdy we rus güýçleriniň ukrain "goranyşyny böwüsmek üçin dyngysyz synanyşyk edýändigini” aýtdy.

Ukrainanyň Goranmak ministri Oleksi Reznikow 31-nji ýanwarda Pariže barýar. Ol bu ýerde, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden F-16 uçarlaryny bermekden ýüz öwüreninden soň, Kiýewiň Russiýadan goranmak üçin soraýan söweş uçarlary bilen üpjün edilip-edilmezligi meselesinde ýaranlaryň arasynda dörän düşünişmezlikler sebäpli, prezident Emmanuel Makron bilen duşuşar.

Baýden 30-njy ýanwarda Birleşen Ştatlaryň Ukraina F-16 söweş uçarlaryny ibermejekdigini aýtdy, emma Makron, eger-de käbir şertler berjaý edilse, Fransiýanyň bu uçarlaryň berilmegini aradan aýyrmaýandygyny bildirdi.

Ukrain ýolbaşçylarynyň geçen hepde Germaniýa, Birleşen Ştatlar we beýleki günbatar ýaranlaryndan alan agyr ýarag wadalaryndan soň eden ýarag haýyşyny, Kiýewe söweş uçarlaryny ibermegi goldap-goldmaýandygy soralanda, Baýden Ak tamdaky žurnalistlere "ýok" diýip jogap berdi.

Fransiýa bilen Awstraliýa 30-njy ýanwarda, Parižde geçirilen ministrler duşuşygyndan soň, Ukraina üçin bilelikde 155 mm artilleriýa toplaryny öndürmek ylalaşygyny yglan etdi.

Forum

XS
SM
MD
LG