Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus türmelerinde müňden gowrak gyrgyzystanly saklanýar

Bezeg suraty
Bezeg suraty

Baş prokuror Kurmankul Zuluşew 31-nji ýanwarda, Bişkekde geçirilen metbugat ýygnagynda Gyrgyzystanyň müňden gowrak raýatynyň Russiýa Federasiýasynyň ýapyk edaralarynda saklanýandygyny aýtdy.

Onuň sözlerine görä, 2022-nji ýylda Russiýanyň we Gazagystanyň türmelerinden 60 töweregi raýat, tussaglyk möhletlerini dowam etdirmekleri üçin, Gyrgyzystana geçirildi.

“Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, Gyrgyzystanyň 1077 raýaty häzir Russiýanyň 79 subýektindäki ýapyk edaralarda jeza möhletini geçirýär” diýip, Zuluşew olaryň galan türme möhletlerini öz ýurtlarynda geçirmek mümkinçilikleri üçin gepleşik geçirilýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG