Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda okuw golanmalaryny taýýarlady


Täze gollanmalar
Täze gollanmalar

BMG-niň Ça­ga­lar gaz­na­sy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň hyz­mat­daş­ly­gy­nyň çä­gin­de umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­riň mu­gal­lym­la­ry üçin gol­lan­ma­lar top­lu­my taý­ýar­la­nyl­dy diýip, “Türkmenportal” habar berýär.

Emma habarda gollanmalaryň harajadyny haýsy tarapyň çekendigi anyklaşdyrylmýar.

Gol­lan­ma­lar­da BMG-niň Ça­ga­lar gaz­na­sy­nyň bi­ler­men­le­ri­niň hal­ka­ra tej­ri­be­le­ri­ esasynda de­ger­li mag­lu­mat­la­ryň jem­le­nendigi, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne uý­gun­laş­mak bo­ýun­ça usu­ly gol­lan­ma­lar top­lu­my­na türk­me­nis­tan­ly bi­lim iş­gär­le­riniň hem we­kil­çilik edendigi aýdylýar.

Gol­lan­ma­lar top­lu­my umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­riň te­bi­ga­ty öw­re­niş, ýa­şa­ýyş-dur­muş esas­la­ry, oba ho­ja­lyk zäh­me­ti, geog­ra­fi­ýa, eko­lo­gi­ýa ders­le­ri­niň okuw mak­sat­na­ma­la­ryn­da­ky te­ma­la­ryň in­te­rak­tiw usul­lar­da ge­çil­me­gi­ni üpjün eder.

XS
SM
MD
LG