Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Newzorowa gaýybana 8 ýyl tussaglyk hökümi çykaryldy


Aleksandr Newzorow
Aleksandr Newzorow

Moskwa kazyýeti Russiýada iň tanymal teleýaýlym žurnalistleriniň biri Aleksandr Newzorowy gaýybana 8 ýyl azatlykdan mahrum etdi. Bu jeza oňa hamala Ukrainada barýan sebäpsiz urşa gatnaşan ýaragly güýçleri abraýdan düşürendigi üçin berildi.

Basmanny etrap kazyýeti bu hökümi 1-nji fewralda çykardy. Prokuror Kreml tankytçysynyň dokuz ýyl azatlykdan mahrum edilmegini sorady.

Derňew komiteti geçen ýylyň mart aýynda Newzorowyň Instagram we YouTube kanallarynda Russiýanyň ýaragly güýçleriň Ukrainanyň Mariupol şäherindäki garrylar öýüne eden ganly hüjümi we Buça şäherinde parahat ilatyň gynalandygy we öldürilendigi barada aýdan sözleri sebäpli derňew işini açdy.

Moskwa kazyýeti maý aýynda Newzorowyň Russiýa gaýdyp gelen halatynda iki aý tussag edilmegini buýurdy.

Newzorow häzir Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan giň gerimli agressiýasy barada leksiýalary bilen Kanadada çykyş edýär. Ol Ýewropa Bileleşiginiň anyklaşdyrylmadyk bir ýurdunda ýaşaýar.

XS
SM
MD
LG