Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain goragçylary Gündogarda gönümel hüjüm astynda, Kiýew uruş uçarlary tagallasyny güýçlendirýär


Bahmut görnüşi
Bahmut görnüşi

Russiýa gündogardaky ukrain pozisiýalaryndaky güýçleriniň üstüni täze goşun bölümleri güýçlendirdi, ýöne görnüp duran ilerleme gazanyp bilmedi diýip, ukrain harbylary 1-nji fewralda, Kiýewiň günbatar ýaranlaryny uruş uçarlaryny bermäge yrmak üçin edýän tagallalaryny güýçlendiren wagtynda aýtdy.

“Duşman [gündogardaky Donetsk sebitinde] Liman we Bahmut ugurlaryndaky hüjümlerine arakesme bermedi” diýip, ukrain goşunynyň baş ştabynyň 1-nji fewraldaky gündelik hasabatynda aýdylýar. Şeýle-de, baş ştab rus güýçleriniň Donestkiň Awdiýwka we Nowopawliwka sebitlerinde şowsuz hüjüm "edendigini we "uly ýitgi çekendigini" aýtdy.

Bu maglumat garaşsyz ýagdaýda barlanyp bilinmedi.

Russiýa Donetskde indi birnäçe aýlap dowam edýän söweşiň merkezi bolan Bahmutyň 150 km günorta-gündogarda ýerleşýän Wuhledar şäherine edýän hüjümlerini hem dowam etdirýär.

Russiýanyň üznüksiz hüjüminiň soňky tolkuny Waşingtonyň Ukraina üçin 2,2 milliard dollarlyk täze harby kömek paketini taýýarlaýan wagtyna gabat geldi.

Bu kömegiň çäginde Kiýewe ilkinji gezek uzak aralyga ýetýän raketalaryň, beýleki ok-därileriň we ýaraglaryň berilmegine garaşylýar. “Roýters” bu habary 31-nji ýanwarda, anonimlik şertinde söhbetdeş bolan resmilere salgylanyp berdi.

Emma Russiýanyň bir ýyl töweregi öň başlan sebäpsiz urşundan bäri Kiýewe 27,2 milliard dollar töweregi harby kömek beren ABŞ häli-häzire çenli Ukraina uruş uçarlaryny bermäge razylyk bermedi.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 30-njy ýanwarda žurnalistler Waşingtonyň Russiýadan goranýan Kiýewe F-16 uçarlaryny iberip-ibermejekdigini soranlarynda, ol bu soraga ýok diýip jogap berdi.

Baýden 31-nji ýanwarda žurnalistlere özüniň Zelenski bilen "gepleşjekdigini" aýtdy, ýöne şundan başga goşmaça maglumat bermedi.

31-nji ýanwarda Parižde Ukrainanyň goranmak ministri Oleksi Reznikow bilen geçirilen gepleşiklerden soň, Fransiýanyň goranmak ministri Sebastien Lekornu Kiýewi söweş uçarlary bilen üpjün etmek meselesinde "gadaganlygyň ýokdugyny" aýtdy.

Prezident Emmanuel Makron bolsa bir gün öň žurnalistlere harby kömek meselesinde "hiç zat aradan aýrylmaýar" diýdi, ýöne ol şundan başga hiç hili anyk maglumat bermedi.

Emma Reznikow 31-nji ýanwarda Lekornu bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda bu meselede belli bir optimizmiň bardygyny aýtdy. Şeýle-de ol Ukrainanyň haýyşlarynyň ählisiniň başda ýaranlar tarapyndan ret edilendigini, ýöne ahyr netijede olaryň bitirilendigini belledi.

Birnäçe aýa çeken göwünsizlikden soň ABŞ we Germaniýa geçen aý, degişlilikde “Abrams” we “Leopard 2” tanklaryny Ukraina ibermek ylalaşygyna geldi. Angliýa bolsa, ýanwar aýynyň başynda Ukraina 14 sany “Çellenjer 2” tankyny iberjekdigini aýtdy.

Şeýle-de, Germaniýa Norwegiýa we Polşa ýaly ýurtlara özlerindäki german tanklaryny, dünýäde iň gowy tanklaryň biri hasaplanýan “Leopard 2” tankyny Ukraina ibermäge rugsat berdi.

Ukraina 31-nji ýanwarda günbatar ýaranlaryndan 140-a çenli häzirki zaman tankyna garaşýandygyny aýtdy.

Daşary işler ministri Dmytro Kuleba ABŞ-nyň we Germaniýanyň garşylygy aýrylanyndan soň 12 ýurduň ýüzden gowrak tank ibermegi wada berendigini aýtdy.

"Ukrainanyň ýaragly güýçleri 120-den 140-a çenli aralykda häzirki zaman günbatar tanklaryny alar" diýip, Kuleba aýtdy. Ol muny tank meselesinde goşulýan goşandyň “ilkinji tolkuny” hökmünde häsiýetlendirdi.

“Bular "Leopard 2”, “Çllenger 2”, “M1 Abrams" tanklary diýip, Kuleba ol tanklaryň getirilip beriljek wagtyny görkezmän aýtdy.

Şeýle-de, Kuleba Kiýewiň Fransiýanyň “Leklerk” söweş tankyny Ukrainanyň goşunyna geçmegine “örän bil baglaýandygyny” aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG