Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

FAO Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasyna goldaw berýär


Guraýan baglary suwarýan çaga
Guraýan baglary suwarýan çaga

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen Bütindünýä ekologiýa gaznasynyň (GEF) bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde, 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Bäherdeniň, Daşoguzyň tokaý hojalyklarynyň önümçilik meýdanlarynda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň amaly okuw meýdançasynda iki sany toplum (hersi 1 gektar) we synag meýdançasy (3 gektara golaý) döredildi diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri habar berýär.

FAO-nyň metbugat üçin beýanatynda aýdylmagyna görä, bu işler FAO bilen GEF-iň “Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň oba-hojalyk önümçiliginiň guraklaşan we şorlaşan landşaftlarynda tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmak-2” (CACILM-2) taslamasynyň çäklerinde gurnaldy.

Toplumlarda dürli görnüşli miweli, saýaly, pürli, gyrymsy we ýarym gyrymsy agaçlaryň nahallary, çöl ösümlikleri ösdürilip ýetişdiriler.

Taslamanyň çäginde, Türkmenistanyň dürli toprak we howa şertlerinde bagbançylyk meýdanlaryny giňeltmek maksady bilen, 25 müň sany miweli agaç nahallary satyn alyndy.

Hususan-da, topragyň duzlulygyny azaltmak we hasyllylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, şorluga we guraklyga çydamly miweli baglary (beýi, igde), beýleki ekinleri (ýorunja, arpa we ş.m) ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär diýip, habarda bellenýär.

2018-nji ýylyň maý aýynda başlan we býujeti 75 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan taslama (“Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň oba-hojalyk önümçiliginiň guraklaşan we şorlaşan landşaftlarynda tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmak 2”) tebigy baýlyklary dolandyrmak başlangyçlarynyň biri bolup, gatnaşyjy ýurtlaryň hökümetleri tarapyndan maliýeleşdirilýär.

XS
SM
MD
LG