Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda döwlet telewideniýesine reportažlary taýýarlamak üçin köpçülikleýin çäre geçirildi


Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalyndan alnan surat. Arhiw suraty
Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalyndan alnan surat. Arhiw suraty

3-nji noýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde býujet işgärleri we talyplar köpçülikleýin bag ekmek çäresine gatnaşmaly boldular. Bu çäre döwlet telewideniýesinde 5-nji noýabrda görkeziljek güýzki ählihalk bag ekmek dabarasy baradaky wideo reportažlary öňünden taýýarlamak üçin geçirildi. Býujet işgärlerinden we talyplardan bu mejbury çärä ak we gök reňklerdäki sport eşiklerinde gatnaşmak hem talap edildi. Şeýle-de, olar oturdylan bag nahallary üçin mejbury pul goşandygyny hem goşmaga mejbur boldular.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysynyň 3-nji noýabrda beren maglumatlaryna görä, bu çärä edara-kärhanalaryň, hususan-da bilim we saglyk işgärleri, şeýle-de talyp ýaşlar gatnaşdyryldy.

"3-nji noýabrda öýlän sagat 3-de Türkmenabatdaky ak mermerli binalaryň tas ählisiniň öňünde bag ekmek boýunça köpçülikleýin çäre geçirildi. Oňa býujet işgärleri we talyplar mejbury gatnaşdyryldy. Döwlet telewideniýesi bu çärede taýýarlanan reportažlar esasynda Türkmenabatda köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň, hamana, 5-nji noýabrda geçirilendigini görkezmegi meýilleşdirýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenabatly býujet işgäri aýtdy.

Türkmenistanda 5-nji noýabrda güýzki ählihalk bag ekmek çäresi geçiriler. Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 31-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere we welaýat häkimlerine ýüzlenip, tutuş ýurt boýunça geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleriniň görülmelidigini aýtdy.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, bu mejbury çärede egin-eşik talaby güýçli boldy. Býujet işgärlerinden we talyplardan çärä ak we gök reňklerdäki sport eşiklerinde gatnaşmak hem talap edildi.

"Öý eşiklerinde ýa-da milli köýneklerinde baran býujet işgärleri we talyplar çärä goýberilmedi. Kimiň sport eşigi hapa bolsa, şol býujet işgäri ýa talyp hem çäreden çykaryldy. Ýolbaşçylar olaryň atlaryny bellige aldylar. Sebäbi býujetçilerden we talyplardan çärä diňe ak we gök reňkdäki arassa sport eşiklerinde gatnaşmak talap edildi" diýip, türkmenabatly talyp anonimlik şertinde aýtdy.

Habarçymyz 3-nji noýabrda şäheriň jemgyýetçilik awtobuslarynda elleri pilli ýa-da sübseli köp býujet işgärine we talyba duş gelse bolandygyny hem habar berýär.

"Bag ekmek çäresi esasan Lebap welaýat baş kitaphanasynyň, 39-njy orta mekdebiň, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet mugallymlyk institutynyň, welaýatyň köpugurly hassahanasynyň öňünde boldy" diýip, býujet işgäri belledi.

Bu çäreler, geçen ýyllarda bolşy ýaly, ýene býujet işgärleriniň we talyplaryň maliýe serişdesiniň hasabyna amala aşyryldy. Olar oturdylan bag nahallary üçin mejbury pul goşandygyny goşmaga mejbur boldular.

"Býujet işgärleriniň we talyplaryň her birinden 30 manat ýygnaldy. Olar bag ekmek çäresi we abuna ýazylşyk üçin her alty aýda bir gezek 200 manada golaý pul harçlamaly bolýarlar" diýip, talyp belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Lebap welaýat, Türkmenabat şäher häkimlikleri iwe olaryň bilim bölümleri bilen habarlaşyp, goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy ýylda iki gezek - ýazda we güýzde - geçirilip, bu çäräniň çäginde millionlarça düýp nahal oturdylýar. Häkimiýetler bu çäräniň çäginde şu ýyl ýurt boýunça 3 million düýp nahaly oturtmagyň meýilleşdirilýändigini mälim etdiler, ýöne munuň nämäniň hasabyna maliýeleşdirilýändigi barada hiç zat aýtmadylar.

Galyberse-de, ýurt ýolbaşçylary bu çäräniň ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen geçirilýändigini aýdýarlar.

Ýöne häkimiýetleriň bu beýanatlarynyň arasynda, Türkmenistan howa goýberilýän zyýanly gazlara barha kän jogapkär bolmakda tankytlanýar.

ABŞ-nyň kosmos agentligi NASA-nyň 25-nji oktýabrda ýaýradan maglumatyna görä, kosmosdan düşürilen täze suratlar Türkmenistanyň nebit-gaz infrastrukturasyndaky 12 ýerde ýokary derejede metan gazynyň syzýandygynyň üstüni açdy. Alymlar bu ýerlerden asmana göterilýän tüssäniň şleýfiniň her sagatda 50 müň 400 kilogram metany howa goýberýändigini çaklaýarlar. Metan gazy atmosfera akdyrylanda onuň ýylylyk täsiri kömürturşy gazyndan 80 esse ýokary bolýar.

Tebigaty goramak üçin iňňän uly iş bitirilýändigini tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri bu maglumatlar barada aç-açan çykyş etmän gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.ý

Forum

XS
SM
MD
LG