Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Ukrainanyň tank bilen üpjün edilmegine Russiýanyň jogabynyň bardygyny aýtdy


Putin Russiýanyň “kollektiwe Günbataryň agressiýasyna gaýtawul bermäge” mejbur edilendigini öňe sürdi.
Putin Russiýanyň “kollektiwe Günbataryň agressiýasyna gaýtawul bermäge” mejbur edilendigini öňe sürdi.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Russiýada Ukrainanyň Günbatar tanklary, şol sanda german “Leopardlary” bilen üpjün edilmegine jogap boljak zadyň bardygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, “mesele sowutly ulaglary ulanmak bilen gutarmaýar". Ol bu sözleri Stalingrad söweşindäki ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabarada eden çykyşynda aýtdy.

Putin Russiýanyň ýene-de “kollektiw Günbataryň agressiýasyna gaýtawul bermäge” mejbur edilendigini öňe sürdi.

Şeýle-de, ol ýurduň howpsuzlygyna wehim salýandygy aýdylýan faşizm ideologiýasy barada durup geçdi. Onuň sözlerine görä, Russiýa bilen häzirki zaman urşy başgaça bolar.

"Ynanar ýaly däl, ýöne hakykat: bize ýene-de bortlary haçly nemes tanklary, “Leopardlar” bilen haýbat atylýar. Özem ýene-de Russiýa garşy ukrain topraklarynda, banderaçylaryň eli bilen söweşmekçi bolýarlar" diýip, Putin aýtdy.

XS
SM
MD
LG