Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BBC: Ukrainadaky rus ýitgileriniň dörtden bir bölegi harby gulluga çagyrylanlar we hakyna tutulanlar


Mobilizlenenleriň harby tälimi
Mobilizlenenleriň harby tälimi

Uruş başlanaly bäri Ukrainada 13 müňden gowrak russiýaly öldürildi, olaryň 924-si mobilizlenen adamlar boldy diýip, BBC-niň Rus gullugy 3-nji fewralda, “Mediazona” neşiriniň meýletinçiler topary bilen bilelikde toplan maglumatlaryna salgylanyp aýtdy.

Meýletinçiler topary rus harby işgärleriniň Ukrainadaky ýitgileriniň sanawyny ýöredýär.

Žurnalistleriň bellemegine görä, soňky üç aýyň içinde ölenleriň köpüsi mobilizlenen adamlar, meýletinçiler we öňki tussaglar boldy.

Soňky bir hepdede Ukrainada söweşen russiýalylaryň ýene 500 adamyň ölendigi barada maglumat peýda boldy.

Žurnalistlere açyk çeşmelerden mälim bolşuna görä, mobilizlenen russiýalylardan 924 adam öldi.

Bu san 1-nji ýanwarda Ukrainanyň Donetsk sebitiniň Russiýa tarapyndan basylyp alnan böleginde, Makiýiwkedäki artilleriýa hüjümi wagtynda öldürilen 99 adamy hem öz içine alýar.

Russiýanyň Goranmak ministrligi Makiýiwkede bolan artilleriýa hüjüminde 89 orsýetliniň ölendigini boýun aldy. Bu Ukrainadaky uruş başlanaly bäri Russiýa tarapyndan bir gezekde çekilendigi ykrar edilen iň köp ýitgi boldy.

XS
SM
MD
LG