Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2022-nji ýylda Merkezi Aziýa iň köp derejedäki russiýaly gitdi


Gazak serhedindäki awtoulag petigi
Gazak serhedindäki awtoulag petigi

2022-nji ýylda Özbegistana, Gyrgyzystana, Täjigistana, Mongoliýa we Ermenistana giden rus raýatlarynyň sany soňky bäş ýylda iň ýokary derejesine çykdy. Bu maglumat Russiýanyň serhet gullugyna salgylanyp berilýär.

Ýurtdan köpçülikleýin çykmaklygyň iň ýokary derejesi üçünji çärýekge degişli boldy. Munuň sebäbi Russiýada sentýabr aýynda yglan edilen mobilizasiýa bilen bagly bolup biler. Şonda köp russiýaly, harby gulluga çagyrylmazlykdan gaçyp, ýurtdan çykdy.

“Meduza” neşiri, serhet gullugy tarapyndan berlen sanlary seljereninden soň, Mongoliýa edilýän syýahatyň ýylyň dowamynda 989%, Gürjüstana 475%, Gazagystana 234%, Täjigistana 212%, Özbegistana 99% ýokarlandygy baradaky netijä geldi.

Mundan başga, 2022-nji ýylda Ysraýyla uçan russiýalylaryň sany iki esse artyp, 100 müňden geçdi.

XS
SM
MD
LG