Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki harby dolandyryjy Muşarrafyň jesedi Pakistana getiriler


Perwez Muşarraf
Perwez Muşarraf

Pakistanyň bosgunlykdaky öňki harby ýolbaşçysy, "terrorçylyga garşy uruş" döwründe ABŞ-nyň esasy ýaranyna öwrülen Perwez Muşarrafyň jesediniň 6-njy fewralda ýurduna getirilmegine garaşylýar.

Syýahat gadaganlygy ýatyrylandan soň, bejergi almak üçin 2016-njy ýylda Pakistany terk eden Muşarraf uzak keselden soň, 5-nji fewralda 79 ýaşynda Dubaýda aradan çykdy.

Adynyň efirde tutulmagyny islemedik ýokary derejeli işgärler onuň jesediniň 6-njy fewralda yzyna getirilmegine we giçlik jaýlanmagyna garaşylýandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG