Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Media: Rus patriarhy Kirill KGB-niň Şweýsariýadaky içalyçysy boldy


 Russiýanyň prawoslaw patriarhy Kirill prezident Wladimir Putin bilen
Russiýanyň prawoslaw patriarhy Kirill prezident Wladimir Putin bilen

Prezident Wladimir Putiniň berk goldawçysy, Russiýanyň prawoslaw patriarhy Kirill 1970-nji ýyllarda Şweýsariýada ýaşap, sowet aňtaw gullugy bilen hyzmatdaşlyk etdi diýip, şweýsar gazeti gizlinlik möhleti geçen arhiw dokumentlerine salgylanyp habar berdi.

“Sonntagszeitung” we “Le Matin Dimanche” hepdelikleriniň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda rus prawoslaw kilisesiniň ruhy ýolbaşçysy bolup işleýän adama Şweýsariýa polisiýasynyň beren resminamasy onuň KGB bilen işleşendigini tassyklaýar. Ol bu dokumentde “Monsignor Kirill” diýlip görkezilýär.

XS
SM
MD
LG