Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garagalpak aktiwisti tussaglykda öldi


Garagalpagystanyň ilkinji we ýeke-täk prezidentiniň ogly Polat Şamşetow deslapky tussaghanada aradan çykdy.
Garagalpagystanyň ilkinji we ýeke-täk prezidentiniň ogly Polat Şamşetow deslapky tussaghanada aradan çykdy.

Garagalpak aktiwisti protestler sebäpli çykarylan hökümden dört gün soň tussaglykda aradan çykdy.

Geçen ýyl Özbegistanyň Garagalpagystan awtonom respublikasynda hökümete garşy guralan görlüp-eşidilmedik çykyşlara gatnaşandygy üçin 31-nji ýanwarda 21 adam bilen bilelikde azatlykdan mahrum edilen aktiwist Polat Şamşetow tussaglykda aradan çykdy.

Özbegistanyň baş prokuraturasy 6-njy fewralda 45 ýaşly Şamşetowyň "öýken arteriýasynyň tromboemboliýasy we ýiti ýürek ýetmezçiligi" sebäpli iki gün ozal ýogalandygyny aýtdy.

Bosgunlykdaky garagalpak aktiwistleri hepde ahyrynda Şamşetowyň tussaglykda gynamalara sezewar edilen bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdylar we onuň ölümi boýunça düýpli derňew geçirilmegini talap etdiler.

Şu aralykda, Özbegistanyň Ýokary kazyýetiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, Buharanyň sebit jenaýat kazyýetinde Nukusdaky protestler sebäpli günäkärlenýäniň işleri boýunça ýene 39 sany täze kazyýet seljermesi başlandy.

XS
SM
MD
LG