Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe, Siriýa ýer titremelerinde ölenleriň sany 16 müňe çykdy


6-njy fewralda bolan 7,8 güýjündäki ýer titremesinde ölenleriň sanynyň ýokarlanmagyna garaşylýar.
6-njy fewralda bolan 7,8 güýjündäki ýer titremesinde ölenleriň sanynyň ýokarlanmagyna garaşylýar.

9-njy fewraldaky aýazly howanyň aman galanlaryň betbagtçylygyny has çuňlaşdyrmagy bilen, Türkiýede we Siriýada bolan güýçli ýer titremelerinde wepat bolanlaryň sany azyndan 16 müň adama çykdy, halas edijiler henizem harabalyklarda galan san-sajaksyz adamlary halas etmäge çalyşýarlar.

Betbagtçylyk hünärmenleriniň adam janyny halas etmek üçin iň ähtimal döwür hasaplaýan 72 sagatlyk möhletiniň tamamlanmagynyň golaýlamagyna gabat, 6-njy fewralda bolan 7,8 güýjündäki ýer titremesinde ölenleriň sanynyň ep-esli ýokarlanmagyna garaşylýar.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 8-nji fewralda betbagtçylygyň bolan ýerine baryp, öz hökümetiniň şu asyryň iň ganly ýer titremesi babatdaky çemeleşmeleri tankyt edilenden soň, "kemçilikleri" boýun aldy.

XS
SM
MD
LG