Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski has köp ýarag, söweş uçarlaryny soramak üçin Brýussele geldi


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ýewropaly ýaranlaryndan has ösen ýaraglary soramak işini dowam etdirmek üçin Brýussel şäherine geldi
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ýewropaly ýaranlaryndan has ösen ýaraglary soramak işini dowam etdirmek üçin Brýussel şäherine geldi

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ýewropaly ýaranlaryndan has ösen ýaraglary soramak işini dowam etdirmek üçin Brýussel şäherine geldi we Ýewropa Parlamentine öz ýurdunyň “häzirki zaman dünýäsiniň iň uly anti-ýewropa güýjüne garşy” söweşýändigini, azat Ukraina bolmasa, azat Ýewropanyň bolmagynyň hem mümkin däldigini aýtdy.

9-njy fewraldaky sapar Zelenskiniň Ýewropa edýän garaşylmadyk saparynyň soňky bölegi bolup, habar berilmegine görä, Russiýanyň gündogar Ukrainadaky hüjümlerini güýçlendirýän wagtyna we garaşylýan täze hüjüminiň öňüsyrasyna gabat geldi.

Zelenski Brýusselden derrew has kän ýarag beriljekdigi barada wada bilen gaýtjaga meňzemese-de, bu sapar oňa şu gün giçlik meýilleşdirilýän sammitde Ýewropa Bileleşiginiň 27 lideri bilen gürleşmek mümkinçiligini döreder.

Ukrain prezidenti Ýewropa Parlamentine eden ýüzlenmesinde 11 aý gowrak mundan ozal ýurduna çozan Russiýa garşy durmakda Ýewropa Bilelşiginiň beren dowamly kömegi üçin minnetdarlyk bildirdi.

"Sag boluň" diýip, Zelenski ÝB-niň özüni dik durup, uzak wagtlap el çarpmak bilen hormatlan kanun çykaryjylaryna ýüzlenip aýtdy.

"Biz özümizi söweş meýdanynda goraýarys, biz ukrainalylar, siz bilen bilelikde ... häzirki zaman dünýäsiniň ýewropa garşy iň uly güýjüne garşy [durýarys]" diýip, ukrain lideri sözüniň üstüni ýetirdi.

"Ýeňiş gazanan Ukraina Ýewropa Bileleşiginiň bir bölegi bolar" diýip, Zelenski Ýewropa Parlamentine ýüzlenip aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň Parlamentiniň başlygy Roberta Metsola Zelenskä ýüzlenip, "siziň ýeňiş gazanmagyňyz gerek we häzir (ÝB) agza döwletleriň siziň azatlygygyňyzy goramak üçin zerur bolan uzak aralyk ulgamlar we zerur uçarlar bilen üpjün edilmegiňiziň indiki çärelerini haýal etmän ara alyp maslahatlaşmagy gerek” diýdi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 8-nji fewralda Günbatar ýaranlaryna ýüzlenip, Moskwanyň öz ýurduna garşy alyp barýan sebäpsiz urşunyň bir ýyllygyna gabat, Angliýa we Fransiýa sapary wagtynda Kiýewiň söweş uçarlary bilen üpjün edilmegini towakga etdi.

Zelenski britan parlamentinde eden taryhy ýüzlenmesinde "Size we dünýä ýüzlenýärin, ýönekeý we iň möhüm sözler bilen - Ukraina üçin söweş uçarlary, erkinlik üçin ganatlar gerek" diýdi.

Ol kanun çykaryjylara ýüzlenip, "Biz azatlygyň ýeňjekdigini bilýäris, Russiýanyň ýeňiljekdigini bilýäris" diýdi.

Iňlis premýer-ministri Rişi Sunak biraz soň guralan metbugat ýygnagynda Ukraina berilýän harby kömek meselesinde "hiç zadyň aradan aýrylmaýandygyny” aýtdy.

Ukraina üçin berilmeli söweş uçarlary "gepleşikleriň bir bölegi boldy" diýip, Sunak sözüniň üstüni ýetirdi.

Zelenski parlamentde eden çykyşyndan soň, korol Çarlz III bilen duşuşdy, Sunak bilen Angliýanyň günorta-günbataryndaky tälim meýdançasyna gitdi we Britaniýanyň “Çellenger 2” tankyny dolandyrmak boýunça tälim alýan ukrain esgerleri bilen görüşdi.

Sunak bu tanklaryň gelýän aýda Ukraina eltiljekdigini aýtdy.

Sunaga Angliýan edýän kömegi üçin minnetdarlyk bildiren Zelenski Kiýewe uzak aralyga ýetýän raketalaryň ýa-da söweş uçarlarynyň hem zerurdygyny, bolmasa “ol ýerde durgunlyk” boljakdygyny we ruslaryň Ukrainanyň çägine süýşjekdigini aýtdy.

Angliýa biraz öň Ukraina ruslaryň edýän hüjümlerine garşy durmaga kömekleşmek üçin iberilýän gyssagly harby enjamlaryň köpeldilendigini we, geljekde NATO ölçegindäki söweş uçarlarynda uçup bilmeklerini üpjün etmek üçin, olaryň öz uçarmanlaryny taýýarlamagy wada berdi diýip, hökümet beýanatynda aýdyldy.

Emma Sunagyň metbugat wekili žurnalistlere Ukrainany söweş uçarlary bilen üpjün etmek baradaky kararyň kabul edilmändigini aýtdy.

Zelenski 8-nji fewral güni giçlik, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron we Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz bilen agşam naharynda duşuşmak üçin, Fransiýa geldi.

Makron Parižde geçiriljek duşuşygyň öňüsyrasynda Fransiýanyň "Ukraina ýeňiş gazanmagy we kanuny hukuklaryny dikeltmegi üçin kömek etjekdigini" we Fransiýanyň Kiýewe ýarag ibermek tagallalaryny dowam etdirjekdigini aýtdy.

Zelenski Fransiýa bilen Germaniýany ýarag ibermekde ikirjiňlenmezlige çagyrdy we olaryň uruş barýan wagtyndaky "düzgüni üýtgedip bilmek mümkinçiliginiň" bardygyny aýtdy.

"Biz uzyn aralyga ýetýän ýaraglary näçe çalt alsak we uçarmanlarymyz döwrebap uçarlary näçe çalt alsalar ...Russiýanyň agressiýasy şonça hem çalt tamam bolar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Forum

XS
SM
MD
LG