Türkiýede şu hepde bolan weýrançylykly ýer titremelerinde ölenleriň sany 18 342-e ýetdi, ýaralananlaryň sany 74242 adam boldy diýip, ýurduň Betbagtçylyklar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy 10-njy fewralda aýtdy.
Türkiýäniň günortasyndaky ýer titremesinden ejir çekenleriň 75,780 sanysy hadysanyň bolan ýerlerinden ewakuasiýa edildi, halas ediş we kömek işlerine 121,000-den gowrak işgär gatnaşdy diýip, habarda bellenýär.
Şeýle-de, ýer yranmalaryndan soň, bu sebitde ýeriň 1,509 gezek sarsandygy aýdylýar.
Goňşy Siriýada ýer yranmalary sebäpli 3000-den gowrak adam öldi.
BMG-niň hasaplamalaryna görä, bu ýurtda pida bolanlaryň sany bäş müňden geçýär. Siriýada ölenler barada häzirlikçe resmi maglumat ýok.