Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda hökümete garşy protestleri goldan professorlaryň ikisi işden çetleşdirildi


 Amir Maziar (çepde) we Koruş Golnari
Amir Maziar (çepde) we Koruş Golnari

22 ýaşly Mahsa Amininiň polisiýa tussaglygynda aradan çykmagy sebäpli başlanan we tutuş ýurdy gaplap alan halk protestlerini goldanlaryndan soň, eýranly uniwersitet professorlarynyň iki sanysy işinden çetleşdirildi.

Tähranyň Sungat uniwersitetiniň Teoretiki ylymlar fakultetiniň agzasy Amir Maziar 7-nji fewralda işinden çetleşdirilýändigi barada alan hatyny çap etdi we şol uniwersitetiň şol bir fakultetiniň başga bir agzasy Koruş Golnari hem özüniň şuňa meňzeş hat alandygyny ýazdy.

Maziar öz kärdeşleriniň käbirine "uniwersitetlerde we beýleki bilim edaralarynda bolup geçen" demonstrantlary ýazgarýan hatlara gol çekmekleri üçin basyş edilýändigini aýtdy.

Maziaryň pikiriçe, mugallymlara edilýän basyşlar olaryň mejbury pensiýa çykarylmagy ýaly usullar arkaly hem dowam etdirilýär.

16-njy sentýabrda tussaglykda ýogalan Amininiň ölümi sebäpli dörän gahar müňlerçe eýranlynyň köçelere çykyp, has köp azatlyk we aýal hukuklaryny talap etmegine alyp geldi.

XS
SM
MD
LG