Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede we Siriýada ýer titremesinde ölenleriň sany 29 müňden geçdi


Türkiýäniň Hataý şäherinde weýran bolan metjidiň harabalygy. 2023-nji ýylyň 10-njy fewraly.
Türkiýäniň Hataý şäherinde weýran bolan metjidiň harabalygy. 2023-nji ýylyň 10-njy fewraly.

Türkiýede 6-njy fewralda bolan ýer titremelerde ölenleriň sany 24,5 müňden geçdi. Bu barada wise-prezident Fuat Oktaý aýtdy.

“Al Jazeera” -nyň habaryna görä, Siriýada ýer titremesi 4,5 müňden gowrak adamyň ölmegine sebäp boldy.

Iki ýurtda ýaralananlaryň sany 80 000-den geçýär. Ýüzlerçe müň adam öýlerini ýitirdi.

Harabalyklary arassalamak işleri dowam edýär. Olara 70 ýurtdan halas edijiler we lukmanlar gatnaşýar. Şu wagta çenli diri adamlaryň tapylýandygy, olaryň arasynda çagalaryň barlygy habar berilýär.

Türkiýede binalaryň ýykylmagy bilen baglanyşykly derňew işleri alnyp barylýar. Güman edilýän 100-den gowrak adam tussag edildi. Talaňçylyk sebäpli 50 töweregi adam tussag edildi. Prezident Rejep Taýyp Erdogan jogapkärleriň jezadan gaçmajakdyklaryny aýtdy.

12-nji fewral, ýekşenbe güni Russiýanyň Ankaradaky ilçihanasy ýer titremesinden uzak bolmadyk ýerde, Türkiýäniň günorta-gündogarynda ýaşaýan we işleýän 39 orsýetliniň ewakuasiýa edilendigini habar berdi.

  • Siriýanyň birnäçe sebitine täsir eden Türkiýäniň günorta-gündogarynda 7,7 ball güýji bilen dörän birinji ýer titremesi 6-njy fewral gije boldy. Birnäçe sagatdan soň ýer titremesiniň merkezinde 7,6 ball ululykda ikinji ýer sarsgyny döredi. Iki ýurtda arhitektura ýadygärlikleri weýran edildi.
  • Türkiýede üç aýlyk adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.
XS
SM
MD
LG