Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede, Siriýada ölenleriň sany 35 müňden geçdi

Türkiýe ýykylan jaýlar sebäpli kazyýet işlerine başlady.
Türkiýe ýykylan jaýlar sebäpli kazyýet işlerine başlady.

Türkiýede we Siriýada bolan güýçli ýer titremesinden bir hepde töweregi soň, halas edijiler 12-nji fewralda harabalykdan has köp adam çykardylar.

Şu aralykda türk häkimiýetleri betbagtçylyk zolagyndaky tertip-düzgüni saklamaga çalşyp, ýykylan jaýlar sebäpli kazyýet işlerine başladylar.

Gyrak-bujakda diri galanlary tapmak umydynyň arasynda, gözleg işleriniň dowam etdirmegi bilen, ýer titremelerinden we soňky sarsgynlardan iki ýurtda ölenleriň sany, tassyklanan maglumatlar esasynda, 35 müňden geçdi, has anygy, 35,224 adam boldy.

Pidalaryň sanynyň vene-de artmagyna garaşylýar.

Türkiýäniň wise-prezidenti Fuat Oktaý şu wagta çenli ýykylan müňlerçe binanyň ýer-ýegsan bolmagyna günäkär bolmakda güman edilýän adamlaryň sanynyň 131 çemesi bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG