Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hökümeti tankytlany üçin basylan tanymal kinoçy türmeden boşadyldy


Kinoçy Mohammad Rasoulof aktiwistler Akbar Naeimi we Mostafa Abedi bilen
Kinoçy Mohammad Rasoulof aktiwistler Akbar Naeimi we Mostafa Abedi bilen

Tanymal kinoçy Mohammad Rasulof ýedi aý tussaglykdan soň, 12-nji fewralda Tähranyň Ewin türmesinden boşadyldy.

2020-nji ýylda düşürilen "Şer ýok" filmi üçin Berlin film festiwalynda baş baýragy alan Rasulof iýul aýynda, ýurduň günorta-günbataryndaky Abadan şäherinde çöken binada ölen adamlar sebäpli gurnalan protestleriň hökümet tarapyndan basylyp ýatyrylmagyny tankyt edendigi üçin tussag edildi.

Rasulof, beýleki döredijilik işgärleri we aktiwistler bilen birlikde, häkimiýetleri ‘ýaraglaryny taşlamaga’ çagyrýan beýannama gol çekdi. Türme tussaglygy onuň ozal alan bir ýyl tussaglygy bilen baglanyşdyryldy.

XS
SM
MD
LG