Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

WP: ABŞ Ukraina urşuň öwrülişik pursadyna gelendigini duýdurdy

Bahmutyň golaýyndaky söweş meýdany
Bahmutyň golaýyndaky söweş meýdany

ABŞ-nyň prezident administrasiýasy ukrain häkimiýetlerine urşuň öwrülişik pursadyna gelýändigini we ukrain goşunynyň has köp mukdardaky Günbatar harby kömegini alýan wagtynda söweş meýdanynda mümkin boldugyça kän üstünlik gazanmalydygyny duýdurdy diýip, “The Washington Post” gazeti öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

Ýanwar aýynda Kiýewe sapar eden ABŞ resmileri hem ukrain häkimiýetlerine gelýän aýlaryň aýgytly boljakdygyny aýtdylar.

Ukrainany "näçe wagt gerek bolsa, şonça hem" goldajakdygyny wada berendiklerine garamazdan, ABŞ resmileri Günbataryň beren soňky kömek bukjasy Kiýewe konfliktiň barşynda öwrülişik döretmek üçin iň gowy mümkinçilikleri berýär diýip hasaplaýarlar.

Gazetiň söhbetdeşleriniň pikiriçe, geljekde ýagdaý beýle bir oňaýly bolman hem biler, sebäbi häzirki wagtda Wekiller öýüne gözegçilik edýän respublikanlar Ukraina berilýän goldawy azaltmakçy bolýarlar.

Şeýle-de gazet Kiýewe Ýewropa ýurtlaryndan berilýän ýaraglaryň hem öňki derejesinde saklanyp biljekdigi belli däl diýýär.

XS
SM
MD
LG