Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň parlament saýlawlaryna GDA-nyň saýlaw synçylary gözegçilik eder


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmenistanda geçiriljek parlament saýlawlaryna gözegçilik etjek GDA missiýasyna GDA-nyň baş sekretary Sergeý Lebedew ýolbaşçylyk eder diýip, “Orient” neşiri Garaşsyz döwletleriň arkalaşygynyň ýerine ýetiriji komitetiniň web sahypasyna salgylanyp habar berýär.

Türkmenistanyň parlament saýlawlary şu ýylyň 26-njy martynda geçirilýär. GDA-nyň synçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň çakylygy boýunça gelip, Türkmenistandaky saýlaw kampaniýasyna gözegçilik eder.

Missiýanyň işi, mundan öňki kampaniýalarda bolşy ýaly, syýasy bitaraplyk, saýlaw prosesine we döwletiň içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgeleri esasynda, milli kanunçylyga berk eýermek bilen amala aşyrylar diýip, guramanyň resmi beýanatynda bellenýär.

Ýyllaryň tejribesinden görnüşi ýaly, GDA-nyň saýlaw gözegçileri Türkmenistanda geçirilýän saýlawlara adatça ýokary baha berýär.

Türkmenistanda abraýly halkara gözegçileri tarapyndan azat we adalatly diýlip ykrar edilen saýlaw şu wagta çenli geçirilmedi.

XS
SM
MD
LG