Iki gyrgyz kazyýeti Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gyrgyzystanda websaýtlarynyň petiklenilmegi we bank hasaplarynyň doňdurylmagyna garşy arzalary boýunça deslapky kazyýet diňlenişikleriniň wagtyny yzy süýşürdi.
Bişkek Administratiw kazyýeti 17-nji fewralda “Amerikanyň sesi” bilen hyzmatdaşlykda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy tarapyndan dolandyrylýan "Current Time" kanalynyň hukuk durumyny öz kätipliginiň ilki bilen Gyrgyz Adalat ministrliginden anyklamalydygyny aýdyp, kazyýet diňlenişiginiň wagtyny 2-nji marta süýşürmek barada karar kabul etdi.
Gyrgyzystanyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrligi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň websaýtlary petiklenilende “Current Time” kanalynyň geçen güýz gyrgyz-täjik serhedinde bolan çaknyşyklar baradaky wideosyna salgylanypdy.
Ministrlik bu wideonyň awtorlarynyň “esasan” Täjigistanyň tarapyny tutandygyny aýtdy.
AÝ/AR-yň prezidenti we ýerine ýetiriji direktory Jeými Flaý teleradio ýaýlymyň "deňagramly habar bermek baradaky ygrarlylygyna çynlakaý çemeleşýändigini" we wideonyň mazmuny gözden geçirilenden soň, radionyň "standartlarynyň bozulmandygynyň" anyklanandygyny aýtdy.