Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede ýene ýer yrandy, azyndan alty adam öldi, 200-den gowrak adam ýaralandy


Antakýa
Antakýa

Türkiýe bilen Siriýanyň serhedinde bolan täze ýer titremesinde azyndan alty adam öldi diýip, häkimiýetler aýtdy.

Türkiýede we Siriýada iki hepde ozal bolan güýçli ýer titremelerinde 47 müňden gowrak adamyň ölen künjeginde ýene-de ýer yrandy.

20-nji fewralda Türkiýäniň günortasynda, Siriýa serhediniň golaýynda bolan 6,4, 5,8 bally sarsgynlarda azyndan alty adam ölüp, 200-den gowrak adam ýaralandy.

Resmiler Türkiýede we Siriýada has köp binanyň ýykylandygyny we içindäki adamlary gapyl basandygyny, iki ýurtda hem adamlaryň ýaralanandygyny aýtdylar.

Ýer titremesiniň merkezi Türkiýäniň Hataý sebitiniň Defne şäherinde, 6-njy fewralda bolan 7,8 bally sarsgynda iň agyr zyýan çeken sebitleriň birinde boldy.

XS
SM
MD
LG