Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Ukrainada alyp barýan urşunda Günbatar ýurtlaryny günäkärleýär

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 21-nji fewralda halka ýüzlenip eden çykyşynda Moskwanyň Ukraina garşy alyp barýan urşuny esaslandyrmaga synanyşyp, Russiýa bir ýyl töweregi ozal Ukraina çozanyndan soň Kiýewiň daşyna jemlenen günbatar ýurtlarynyň Russiýanyň bolmagyna howp salýandygyny öňe sürdi.

“Urşy başlan olar. Biz güýji onuň soňuna çykmak üçin ulanýarys” diýip, Putin Russiýanyň Federal ýygnagyna ýüzlenip sözlän sözünde aýtdy.

Putiniň ABŞ-nyň prezidentiniň Kiýewe eden taryhy saparynyň yz ýanyna gabat gelen ýüzlenmesi dekabr aýynda, rus goşunlarynyň Ukrainada ýüzbe-ýüz bolan ýeňlişleri sebäpli goýbolsun edilipdi.

"Russiýa hiç kim hüjüm etmeýär" diýip, Waşington Putiniň aýdan sözlerini bada-bat ret etdi we Kiýew rus prezidentiniň çykyşyny "heňe gelmeýän we bulaşyk" diýip häsiýetlendirdi.

Wladimir Putin Federal ýygnaga eden ýüzlenmesinde Russiýanyň Strategiki hüjüm ediji ýaraglar şertnamasyna (START) gatnaşmagyny togtadýandygyny yglan etdi. Putiniň sözlerine görä, Russiýa Federasiýasy şertnamadan çykmaýar, ýöne ony ýerine ýetirmez.

"Waşington ýadro ýaraglaryny synag etmegiň pikirini edýär. Şeýle-de, ABŞ-da ýadro ýaraglarynyň täze görnüşleri işlenip düzülýär. Biz öz ýadro ýaraglarymyzy synag etmäge taýyn bolmaly. Elbetde, biz muny ilkinji bolup etmeris. Emma ABŞ synag etse, biz hem synag ederis” diýip, Putin aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken hem öz gezeginde Russiýanyň START-a gatnaşmagyny togtatmak baradaky kararyny "gaty gynandyryjy we jogapkärçiliksiz" diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG