Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ilçi: Türkmenistan Russiýa iberýän azyk önümlerini köpeldýär

Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmenistan Russiýa dokma önümleriniň eksportyny 50%, azyk önümleriniň eksportyny 90% ýokarlandyrdy diýip, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohiniň türkmen metbugatynda çap edilen makalasynda aýdylýar.

“Orient” neşiriniň rus diplomatynyň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda häzir 360-dan gowrak strategiki ylalaşyk baglaşyldy.

Russiýanyň “Gazprom”, “KamAZ”, “Tatneft”, “Wozroždeniýe” we beýleki kompaniýalary Türkmenistanda üstünlikli işleýär diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG