Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain harbylary: Urşuň ýyl dönüminiň öňüsyrasynda gündogar hüjümleriniň öňi alynýar


Wugledar şäheri. Donetsk sebiti
Wugledar şäheri. Donetsk sebiti

Ukrain goşunlary gündogar Donetsk we Luhansk sebitlerinde edilen onlarça rus hüjümini yzyna serpikdirdi diýip, Kiýew 23-nji fewralda, Moskwanyň giň gerimli çoşuşynyň başlanmagynyň ýyl dönüminiň öň ýanynda aýtdy.

Russiýa Donetskdäki Bahmut, Liman, Awdiýwka we Şahtarsk, demirgazyk-gündogar Harkow sebitindäki Kupýansk ugurlaryna tapgyrlaýyn artilleriýa zarbalaryny urdy diýip, baş ştabyň gündelik hasabatynda aýdylýar.

“Soňky 24 sagadyň dowamynda ukrain goşuny rus güýçleriniň [Donetsk sebitinde] bäş ugur boýunça eden 90 çemesi hüjümini yzyna serpikdirdi” diýip, baş ştab aýtdy.

Rus goşunlarynyň Donetsk sebitinde iýul aýyndan bäri ele geçirmäge synanyşýan Bahmut şäheri, Moskwa goşunlarynyň geçen aý şäheri basyp almak üçin täze hüjüme başlamagy bilen, Donbas söweşiniň merkezi bolmagynda galýar.

Goňşulykdaky Luhansk sebitiniň sebit häkimi Serhiý Haýdaý 22-nji fewralda rus güýçleriniň Bahmutdan 70 km demirgazykda ýerleşýän Kreminna şäheriniň golaýynda, bir gün öň yzyna serpikdilmezlerinden öň we köp mukdarda agyr ýaraglaryny ýitirmezlerinden öň, ukrain liniýalaryny wagtlaýyn böwsüp bilendiklerini aýtdy.

XS
SM
MD
LG