Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen DIM-nde BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen resminamalara gol çekildi


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP), Ilat gaznasynyň (UNFPA) hem-de Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanalarynyň arasynda resminamalara gol çekişmek dabarasy geçirildi diýip, türkmen metbugaty 27-nji fewralda habar berdi.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda ykdysadyýet, saglygy goraýyş, bilim, habar beriş serişdeleri hem-de beýleki möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk bilen bagly 26 sany resminama gol çekildi.

Olaryň arasynda 2023-2025-nji ýyllar üçin bilelikdäki taslamalar we şu ýyl üçin iş meýilnamalar hem bar diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG